Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň 2023-nji ýylyň 12-nji iýulynda nobatdan daşary maslahaty
geçirildi. Ýygnakda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” Birleşmäniň
agzalary tarapyndan ýerini ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Birleşme tarapyndan döredilen “Türkmenistanda kiçi
we orta telekeçiligi goldamak gaznasy” barada çykyş diňlendi.
Şeýle hem maslahatyň gün tertibine
Birleşmäniň Müdiriýetiniň düzümine üýtgetmeler girizmek we Birleşmäniň
Müdiriýetiniň başlygyny saýlamak girizildi. Maslahata gatnaşyjylaryň teklipleri
boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy wezipesine Atagulyýew
Nökerguly Hojagulyýewiç saýlandy.