Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nobatdan daşary umumy ýygnagy geçirildi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde birleşmäniň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri girizildi, şeýle hem hususy ulgamy goldamak boýunça çäreler, birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýygnagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň telekeçilerini yzygiderli goldaýandygy, türkmen halkynyň bähbidine giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty alyp barýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin güýçlerini, bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.