Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi dürli maksatly 45 desgany öz içine alýan döwlet emläginiň bäsleşikli satuwyny geçirer.
Şeýlelik bilen, hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň hataryna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, «Türkmenbaşy» bankynyň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Aşgabat şäher, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň ygtyýaryndaky binalar girýär.
Bäsleşikli söwda 28-nji iýulda ir sagat 10:00-da döwlet emläk sanly söwda platformasynda geçiriler. Hasaba alyş sagat 9:00-da başlar.