2022-nji ýylda Türkmenistana goýlan göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň (GDÝMG) mukdary 936 million dollar boldy. Bu barada BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) geçen ýylky hasabatynda habar berilýär. .
Hasabatda bellenilişine görä, Türkmenistan ýurda goýlan göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň mukdary boýunça Merkezi Aziýa sebitinde 3-nji ýerde durýar. Hasabat sebitdäki ýurtlara gönükdirilýän arassa maýa goýumlaryň 39 göterim ýokarlanandygyny belleýär. Global ykdysady çökgünligiň täsiri sebäpli ýurtda göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň 12 göterim azalandygyna garamazdan, Türkmenistan GDÝMG-iň derejesi oňyn ýurtlaryň sanawynda galýar.
GDÝGM-iň pese gaçmagy esasan ösen ýurtlara täsir etdi, bu ýerde maýa goýum akymlary 37 göterim azalyp, 378 milliard dollara barabar boldy. Ösüp barýan ýurtlarda bu görkeziji 4 göterime çenli ýokarlandy.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistana goÿlan göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň esasy bölegi ýurduň ýangyç-energetika, himiýa senagaty we oba hojalygy ýaly pudaklaryň paýyna düşýär.