30-njy oktýabrda Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylyş dabarasy boldy.

Bu ýerde belent mertebeli myhmany Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEIK) başlygy Nail Olpak mähirli garşylady.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy Nail Olpak çykyş edip, hemmeleri mähirli mübärekledi hem-de iki doganlyk ýurduň wekillerini bir ýere jemlän bu dabarada hormatly Prezidentimize DEIK tarapyndan «Strategik dostluk nyşanyny» gowşurmagyň ýolbaşçylyk edýän geňeşi üçin uly hormatdygyny belledi.

Şeýle hem Nail Olpak pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory derejesiniň berilmegi bilen gutlady hem-de Türkiýäniň akademik we işewürlik jemgyýetçiliginiň sylaglarynyň gowşurylmagynyň Türkiýe Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň ýene bir aýdyň şöhlelenmesi hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.

Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,//Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen setirlerini mysal getirip, agzybirlik barada aýdylan bu sözleriň häzirki wagtda iki doganlyk ýurduň garaýyşlaryny özünde jemleýändigini nygtady.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz çykyş edip, hemmeleri mähirli mübärekledi hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitiniň çäklerinde bir ýere jemlenip, iki doganlyk ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän işewürligiň wekilleri bilen duşuşmagyň özi üçin hormatdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkiýe Respublikasy doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden bäri Türkiýe Respublikasy üçin diňe bir strategik hyzmatdaş däl, eýsem, dost we dogan ýurt bolmagynda galýar. Baý tebigy serişdeleri, amatly geografik ýerleşişi we türkmen halkynyň zähmetsöýerligi netijesinde, Türkmenistan bu gün sebitiň çalt ösýän ykdysadyýetleriniň birine öwrüldi. Dünýä nusgalyk «akylly» şäheri, ösen infrastrukturasy, senagat kärhanalary, döwrebap hassahanalary ýurduň ýokary ösüş depgininiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz bu ajaýyp üstünliklerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýratyn ornunyň bardygyny belläp, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini belledi.

Çykyşynyň ahyrynda Jewdet Ýylmaz hormatly Prezidentimizi Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi tarapyndan «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşanyny» gowşurmak barada kararyň kabul edilendigi yglan edildi we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Strategik dostluk nyşany» we ýörite şahadatnama gowşuryldy.

Soňra çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşany» atly ýokary sylagynyň berilmegi mynasybetli, Geňeşiň başlygy Nail Olpaga we wekillerine minnetdarlyk bildirip, bu abraýly sylagy bildirilen belent hormatyň nyşany hökmünde kabul etmek bilen, ony Türkiýäniň Türkmenistan bilen bilelikde durmuşa geçirýän köpugurly hyzmatdaşlygynyň, netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň hem-de giň gerimli işleriň möhüm tassyknamasy hasaplaýandygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagynyň türkmen-türk ykdysady gatnaşyklarynyň barha pugtalandyrylyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydygyny belledi. Şonuň ýaly-da, pursatdan peýdalanyp, dabara gatnaşyjylaryň ählisini tüýs ýürekden mübärekledi we şeýle ähmiýetli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýändigi üçin Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşine minnetdarlyk bildirdi.

Bu duşuşyk iki döwletiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljermek, täze mümkinçilikleri kesgitlemek we geljek üçin anyk taslamalary ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Dabaramyza Türkiýäniň dürli pudaklaryna wekilçilik edýän işewürler we beýleki wekiller gatnaşýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de olaryň arasynda köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda ykdysady we durmuş taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşan kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň bardygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar taryhy we medeni umumylyga, özara hormata hem-de netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk bu gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlygymyzyň geçen 35 ýylynyň dowamynda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ýüzlerçe iri, orta we uly möçberli taslamalar amala aşyryldy. Bu işler ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň artmagyna, döwrebap infrastrukturasynyň döredilmegine, täze iş orunlarynyň açylmagyna we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna goşant goşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, 2012-nji ýyldan bäri milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, döwrebap önümçilik infrastrukturasyny ösdürmek, hususan-da, ýurdumyzda senagatlaşan jemgyýeti döretmek hem-de çig mal ýurdy bolmakdan taýýar önümleri öndürýän we eksport edýän ýurda öwrülmek boýunça giň gerimli işler yzygiderli dowam edýär.

Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» ýurdumyzyň bu ugurda uzak möhletli maksatlaryny kesgitleýär.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda dürli pudaklarda baý tejribe toplan, önümçilik we dolandyryş babatda kämilleşen türkmen telekeçileriniň hem-de senagatçylarynyň täze nesli kemala geldi. Olar senagat kärhanalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly desgalaryň we beýleki möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.

Biz türk işewürleri bilen türkmen telekeçileriniň we senagatçylarynyň arasynda göni hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bizde bilelikdäki senagat kooperasiýasyny döretmek, önümçilik kärhanalaryny gurmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýerli çig maly gaýtadan işlemek we taýýar önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykarmak üçin giň mümkinçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz türk kompaniýalaryny energetika infrastrukturasyny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, senagat enjamlaryny öndürmek, olara hyzmat etmek boýunça taslamalara gatnaşmaga çagyrdy hem-de tehnologik tejribäni, maliýe mümkinçiliklerini we önümçilik kuwwatyny birleşdirmek arkaly hyzmatdaşlygyň uzak möhletli esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, himiýa senagaty hem türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Gurluşyk we senagat pudaklarynda hem uly mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda bu pudak ýokary tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklaryna daýanýar we eksport ugurly ösüşi bilen tapawutlanýar.

Oba hojalygy we azyk senagaty hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarydyr. Türkmenistanda oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak boýunça maksatnamalar amala aşyrylýar.

Ulag we logistika ulgamy Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, türk ulag we logistika kompaniýalary halkara ýük daşamalaryny ösdürmäge, logistika merkezlerini döretmäge, ammar we konteýner terminallaryny gurmaga, ulag serişdelerine hyzmat etmek hem-de sanly logistika ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyryldy.

Ykdysadyýetimizi ösdürmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti barha artýar. Saglygy goraýyş we derman senagaty hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarydyr. Şypahana-dynç alyş ulgamynda hem Türkiýäniň tejribesinden peýdalanmak arkaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikler bar.

Hormatly Prezidentimiz bu agzalan ugurlaryň hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydygyny, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksporty artdyrmak we täze iş orunlaryny döretmek babatda hem giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň daşary ýurtly maýadarlar bilen özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge we uzak möhletli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Şu günki duşuşykda beýan edilen teklipleriň anyk taslamalara öwrülmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Munuň üçin degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň işewür düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegi zerur hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de her bir ugur boýunça ileri tutulýan taslamalary kesgitlemegiň, olaryň tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryny taýýarlamagyň we durmuşa geçirilişini yzygiderli utgaşdyrmagyň hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyny belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz türk işewürleriniň Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmasyna ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini tapmagy we geljegi uly taslamalary gazanmagy arzuw etdi.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi