2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara Forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini bellediler. Taraplaryň pikirine görä, bu gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge we ösdürmäge giň mümkinçilikler bar.

Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän dostlukly gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn esasda hem, halkara guramalaryň çäklerinde hem birek-biregiň başlangyçlaryny özara goldamagyň hasabyna işjeň ösdürilýändigini we berkidilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň plenar mejlisinde kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň bütin dünýäde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy. Dünýägözel Gulmanowa Täjigistan Respublikasynyň bu Kararnamanyň kabul edilmeginde beren saldamly goldawy üçin aýratyn hoşallygyny bildirdi.

Mundan başga-da, taraplar halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlarynyň goldanylmagynyň, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alşylmagynyň, parlamentara dostluk toparlarynyň we ugurdaş komitetleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, wekiliýetleriň özara saparlarynyň guralmagynyň hem-de duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtadylar.

Dünýägözel Gulmanowa Faýzali Idizodany hem-de Täjigistanyň parlament wekillerini ýurdumyzda geçiriljek «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugy ilerletmek» atly üçünji Aşgabat maslahatyna, Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň utgaşykly görnüşde geçiriljek üçünji duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.