30-njy iýunda Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlarynyň, halkara we sebit guramalarynyň, abraýly maýa düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumda türkmen tarapyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, ugurdaş institutlaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.
Resmi açylyş dabarasynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda şeýle çäreleriň ýokary derejede we giň düzümde geçirilmeginiň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem pugtalandyrmakda, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýändigi nygtalýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bu halkara forumyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, Arkadag şäherini durmuş-ykdysady, senagat taýdan ösdürmäge we “akylly” şäher konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge maýa goýumlary işjeň çekmäge ýardam etjekdigine ynam bildirilýär.
Şu gezekki işewürlik çäresiniň wezipeleri daşary ýurt maýadarlarynyň, işewürleriniň, halkara maliýe-bank düzümleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, ýurdumyzyň telekeçileriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmekden ybaratdyr. Umumy mejlisleriň çäklerinde şäherlerde durnukly ösüş hem-de täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, “akylly” şäherleriň sanly infrastruktura hem-de sanly innowasion tehnologiýalary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň öňünde 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek boýunça birnäçe möhüm wezipeler durýar. Şäherleriň we ilatly ýerleriň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuş durnuklylygyny, ekologik abadançylygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi şol wezipeleriň biridir.
Türkmenistan dünýä hojalyk gurluşynyň ähli derejelerinde durnukly hem deňeçer ösüşiň goldanylmagyna gönükdirilen sebitleýin we ählumumy tagallalara işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde bu ugurda anyk çäreleri geçirýär. Hususan-da, şäher gurluşygynyň gerimini giňeltmek, hilini ýokarlandyrmak, elýeterliligini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler, howpsuz ýaşaýyş jaý üpjünçiligi, ýurduň ilatyna häzirki zaman halkara derejelerinde durmuş hyzmatlaryny etmek ugrunda işler alnyp barylýar. Örän iri milli taslamalaryň biri — Arkadag şäheriniň gurulmagy diňe bir sanly hem-de “ýaşyl” tehnologiýalaryň oýlanyşykly utgaşdyrylmagynyň, üstünlikli döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň däl-de, “Habitat — III” ýaşaýyş jaýy we durnukly şäher ösüşi boýunça BMG-niň maslahatynda tassyklanylan “Täze şäher gün tertibi” konsepsiýasynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Köpetdagyň gözel künjekleriniň birinde “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen häzirki zaman şäheri şäher gurşawyny guramagyň iň täze tehnologiýalarynyň doly derejede ulanylmagyna gönükdirilen döwrebap binagärligiň hem-de meýilleşdiriş medeniýetiniň nusgasy bolup durýar. Bu şäherde bir bitewi intellektual tor emele getirildi. Oňa ulag hereketinden başlap, ekologiýa çenli ähli düzümleriň hakyky wagt tertibinde işledilişi baradaky maglumatlary ýygnamak üçin ähli ulgamlar birikdirildi. Şäher giňişligini guramagyň şeýle çemeleşmesi ilat üçin has amatly we howpsuz durmuş şertleriniň döredilmegine gönükdirilendir. Şol sebäpli-de, raýatlaryň şäheriň intellektual tory bilen arabaglanyşygy hödürlenilýän hyzmatlaryň hiline, olaryň sanawynyň giňeldilmegine we beýlekilere oňyn täsir edip biler.
Foruma daşary ýurtly gatnaşyjylar şanly waka — Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna hem-de şunuň ýaly abraýly halkara foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyklaryny beýan edip, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda amatly maýa goýum mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň düzümleriniň wekilleri täze şäheriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, ony meýilleşdirmekde durnukly şäher ösüşiniň durmuş ugurlarynyň, şol sanda inklýuziwlik hem-de deňlik, köpdürlülik, medeni miras, saglyk we abadançylyk, howpsuzlyk we goraglylyk, bilim we tutuş ömrüň dowamynda öwrenmek ýaly ýörelgeleriň göz öňünde tutulandygyna aýratyn üns çekdiler.
Iri işewürlik maslahatyna gatnaşýan myhmanlar häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri hem-de onuň maýa goýum strategiýasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň senagat-innowasion ösüşine, önümçilik ulgamyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýete geçilmegine gönükdirilen özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Forumyň barşynda görkezilen wideorolikde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň eksport mümkinçilikleri beýan edildi. Ol geljegi uly türkmen bazarynda işewürligi alyp barmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrýar.
Çykyşlarda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini häsiýetlendirýän soňky ýyllaryň makroykdysady görkezijileri barada durlup geçildi. Hususan-da, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime, maýa goýumlaryň 14,2 göterime deň bolandygy, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, eksport harytlarynyň möçberiniň 43,6 göterim artandygy bellenildi. Ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň her ýylky möçberi 30 göterimden gowrakdyr. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy bolsa 13 göterime ýetýär. Bellenilişi ýaly, bu görkezijiler döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly maýa goýum syýasaty hem-de daşyndan çekilýän düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagy netijesinde üpjün edilýär.
Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk, ýokary ykdysady ösüş, kuwwatly serişde we çig mal binýady, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasaty hem-de amatly maýa goýum ýagdaýy esasy daşary ýurt kompaniýalarynyň uly möçberli maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam berýän esasy şertlerdir.
Şunuň bilen birlikde, ähli ulgamlarda yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, ozaly bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” ýaly uzak möhletleýin we orta möhletleýin strategiýalarda kesgitlenen görkezijilere ýetmäge gönükdirilendigi nygtaldy. Öňde goýlan maksatlaryň durmuşa geçirilmegi maýa goýum strategiýasynyň alnyp barylmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Esasy maýa maliýe serişdelerini çekmek hem-de olaryň innowasiýalaryň ösdürilmegine, ýokary goşmaça bahaly önümçilige, adam maýasynyň ösdürilmegine hem-de ýurdumyzyň ekologik we durmuş-ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýän ulgamlara gönükdirilmegi bu strategiýanyň esasy wezipesidir.
Şunda jemi içerki önümde olary netijeli peýdalanmaga, edaralaryň we ilatyň öz serişdeleriniň umumy möçberiniň, daşary ýurt maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň paýynyň ýokary derejesiniň saklanylmagy, şol bir wagtda, esasy maýa goýum serişdeleriniň umumy möçberinde Döwlet býujetiniň serişdeleriniň paýynyň peselmegi, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, maýa goýum taslamalarynyň düşewüntliliginiň ýokarlandyrylmagy şertlerinde amala aşyrylýan maýa goýum insfrastruktura taslamalarynyň sanynyň artmagy esasy talap bolup durýar.
Döwlet maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegi maýa goýumlar ulgamynda döwlet kadalaşdyryş ulgamynyň hem-de oňa ornaşdyrylan guramaçylyk, hukuk we ykdysady gurallaryň hasabyna üpjün edilýär. Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan anyk ugurlaryny kesgitlemek üçin giň mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, häzirki wagtda strategik wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär.
Senagat jemgyýetini döretmek iň möhüm wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýeti düýpli özgertmek, ony çig mal görnüşinden senagat-innowasion ösüş ýoluna geçirmek, ýokary tehnologiýaly, ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegi, sanly ykdysadyýete geçilmegi, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan ýokary goşmaça nyrhly önümleri öndürmek boýunça häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan dürli ýurtlara tebigy gazy, nebit, gaz we nebithimiýa önümlerini, elektrik energiýasyny, mineral dökünleri, gurluşyk serişdelerini, himiýa we azyk önümlerini iberýär. Önümleriň eksport möçberiniň artdyrylmagy önümçiligiň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalaryň hem-de sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen höweslendirilýär. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.
Täze gaýtadan işleýän pudaklary döretmegiň hasabyna ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugrudyr. Mysal üçin, Türkmenistan ägirt uly uglewodorod gorlaryna eýe bolmak bilen, gazy gaýtadan işlemek boýunça doly derejeli toplumy kemala getirmäge girişdi. Soňky ýyllarda ulanmaga berlen benzin, ýokary hilli polietilen, polipropilen önümçiligi boýunça zawodlar, ammiak, karbamid öndürmek boýunça gaýtadan işleýän himiýa kuwwatlyklary we beýlekiler muňa mysaldyr. Ozal hereket edýän pudaklary düýpli döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna, energetika, dokma senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýaly birnäçe pudaklarda esasy görkezijileriň ösüş depginleri ýyl-ýyldan artýar.
Häzirki zaman ulag we logistika düzümlerini kämilleşdirmek, Türkmenistany Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag çatryklarynyň merkezleriniň birine öwürmek ýurdumyzyň maýa goýum ösüşiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz täze bazarlara işjeň çykýar. Ýewropada, Aziýada, Amerika yklymynda hyzmatdaşlar bilen goşulyşmak işlerini ösdürýär. Türkmenistan howa gatnawlarynyň, Halkara howa menzilleriniň, şeýle hem demir ýol ugurlarynyň, şol sanda TRAСECA üstaşyr geçelgesine goşulmak arkaly, ulag düzüminiň ösen ulgamyna eýedir. Hazar deňziniň kenarynda, Türkmenbaşy şäherinde ösen infrastruktura hem-de logistika eýe bolan Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar.
Gurluşyk pudagy türkmen ykdysadyýetiniň ýene bir möhüm ugrudyr. Bu pudaga gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleri diňe bir gurluşyk senagatynyň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, täze innowasion häsiýetli önümçilikleriň, öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagyna, işleriň we hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna hem ýardam berýär.
Ähli ulgamlara innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň oňyn özgertmeleriniň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň iň ýokary talaplaryna laýyklykda ylmyň ösdürilmegine, ylmy-barlag işleriniň kompýuter we maglumat tehnologiýalary bilen üpjün edilmegine, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistandan iberilýän energetika serişdeleriniň ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, turba geçirijileriň gurluşygyna hem uly üns berilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy sebit üçin örän möhüm taslamadyr. Şeýle hem şol ugur boýunça optiki-süýümli ulgamyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygy amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň maýa goýum strategiýasynda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösdürilmegi ugur edinilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň çykyşlarynda kiçi hem-de orta telekeçiligiň ösdürilmegine döwlet derejesinde berilýän goldaw giňden beýan edildi. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda telekeçileriň paýy ýyl-ýyldan artýar. Şu ýyl bolsa bu görkezijiniň jemi içerki önümiň möçberinde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 71,3 göterime deň bolmagyna garaşylýar.
Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kuwwatly işewürlik düzümidir, onuň agzalary milli ykdysadyýetimiziň birnäçe esasy pudaklarynda işleýärler, ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar, daşyndan getirilýän harytlar bilen bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça täze kärhanalary döredýärler. Foruma gatnaşýan kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri ýygnananlary öz kärhanalarynyň alyp barýan işleri hem-de olaryň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Şeýle hem hereket edýän salgyt we gözegçilik edaralary maýa goýum işiniň oňyn ösüşine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylara ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary üçin ýeňillikleri göz öňünde tutýan salgyt salmak düzgüni barada maglumatlar berildi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň syýasaty milli ykdysadyýetimiziň düýpli özgerdilmegine hem-de strategik hyzmatdaşlar bilen köpugurly kooperasiýanyň giňeldilmegine, şol sanda ähli derejelerde netijeli sanly we “ýaşyl” çözgütleriň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyz dürli ugurlar boýunça özara bähbitli we doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr hem-de innowasion häsiýetli önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen anyk taslamalara garamaga taýýardyr. Şunda iri maýa goýum serişdeleriniň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegine, häzirki zaman tehnikalarynyň we halkara ölçeglere laýyk gelýän beýleki enjamlaryň getirilmegine uly gyzyklanma beýan edildi. Teklip edilýän taslamalaryň ykdysady netijeliligi, olaryň durmuş ähmiýetliligi, ekologik talaplara laýyklygy, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň ygtybarly we uzak möhletleýin üstünliklere ýetmegi üçin has täsirli gurallaryň bilelikde gözlenilmegi oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň esasy şertleri hökmünde görkezildi.
Forumyň dowamynda maýa goýum mümkinçiliklerini has doly açmagyň ýollary, ýurdumyzy senagat, ylmy-tehnologik we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi höweslendirmegiň gurallary barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Mundan başga-da, halkara guramalaryň, iri maliýe düzümleriniň we daşary ýurt işewürler bileleşiginiň wekilleri tanyşdyryşlar hem-de içgin pikir alyşmalar esasynda türkmen tarapynyň teklip eden innowasion taslamalaryna maýa goýumlary gönükdirmegiň maksadalaýyklygyna baha berdiler.
Foruma gatnaşyjylar beýan edilenleri jemlemek bilen, şu gezekki işewürlik maslahatynyň geçirilmeginiň halkara giňişlikde özüni strategik ähmiýetli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen Türkmenistanyň abraýyny täze derejä çykarandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, bu duşuşyk “akylly” şäherleri gurmak boýunça täze, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi.
Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlenildi. Şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda eksport-import amallary, hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalar we beýlekiler bar.
Forumyň dowamynda guralan sergi oňa gatnaşyjylara döwrebaplaşdyrylan ýokary tehnologiýaly senagata, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň köp görnüşini öndürmäge gönükdirilen gaýtadan işleýän pudaklaryň milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünlikleri barada düşünje almaga mümkinçilik berdi.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, innowasion häsiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi, maýa goýum işini ösdürmäge gönükdirilen amatly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
www.tdh.gov.tm