Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT-2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi öz işine başlar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu giň gerimli çärä gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag ýüzlenmesini ýollady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz dabaraly açyljak bu forumyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde hem-de nebitgaz pudagyna täze innowasiýalary we taslamalary ornaşdyrmakda möhüm orun eýelejekdigini belledi.

Hut şu nukdaýnazardan, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika syýasatynda eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny ösdürmek we logistika kuwwatyny berkitmek hemişe üns merkezinde saklanýar. Şunda dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni halkara bazarlara mawy ýangyç çykarmagyň esasy binýady bolup durýar. Şol sanda üstümizdäki ýylyň aprel aýynda bu kändäki senagat taýdan özleşdirmäniň dördünji tapgyryna badalga berilmegi eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda taryhy ädim boldy.

Şeýle hem sebitiň energetika howpsuzlygyny we durnukly ösüşini üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynda uly öňegidişliklerin gazanylýandygyny, hususan-da Serhetabat — Hyrat bentleriniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny bellenildi. Mundan başga-da, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça halkara nebitgaz kompaniýalary bilen 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilýändigi nygtaldy.

Gutlagda kabul edilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» layyklykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işläp, ekologiýa taýdan arassa ýokary hilli önümleri öndürmek wezipesiniň öňde durýandygy bellenildi. Döwletimiz daşky gurşawy goramak hem-de zyýanly gazlary azaltmak babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we daşary ýurtly maýadarlar üçin ähli amatly şertleri döretmäge hemişe taýýardyr.