15-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, filippin tarapyna bolsa Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň syýasy meseleler boýunça sekretarynyň orunbasary Leo M. Errera-Lim ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň barşynda syýasy-diplomatik gepleşikleri mundan beýläk-de ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar halkara guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine garadylar.
Aýratynlykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem energetika, deňiz ulagy, syýahatçylyk we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Durmuş ulgamynda taraplar bilim babatda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýän akademiki aragatnaşyklary we alyş-çalyşlary giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar.
Geňeşmeleriň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Filippinler Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary özara hormat goýmak we iki tarapyň bähbitlerini nazara almak esasynda mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma tassyklandy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi