12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary hem-de kabul ediş harmanhanalaryny netijeli işletmek üçin zerur çäreler görülýär.

Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda bugdaý ekişi dowam edip, bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginlerini güýçlendirmegiň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň zerurdygyny belledi we häkimlere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda we kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek hem-de gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz boýunça bugdaý ekişi dowam edip, ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen içerki bazarlary üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Ýurdumyzyň Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edip, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň öz wagtynda hem-de ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we wise-premýer Taňryguly Atahallyýewe ýurdumyz boýunça bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymynyň hem-de bugdaý ekişiniň dowam edýändigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we ýygymyň depginini güýçlendirmegi, hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegi, bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi