Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada «Belli» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.  

Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, ýurtda durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen kabul edildi.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH).