Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,7 göterim artdy. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2023-nji ýylyň bäş aýynyň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabatynda mälim etdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 7,2 göterim ýokarlandy. Ýylyň 5 aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 113,3 göterim, çykdajy bölegi 97,6 göterim ýerine ýetirildi.
Mundan başga-da, Türkmenistandaky iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 9,9 göterim köpelendigi bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, toplumyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.