8-nji iýunda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Hökümetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp hem-de ýurdumyza uly wekiliýet bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu saparyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boljakdygyna, onuň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň bolsa özara hormat goýmak esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygyň täze usullaryny we ugurlaryny gözlemäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz Wengriýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana ilkinji resmi saparyny guramagyň mümkinçiliklerini, Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitlerine gatnaşmagyň çäklerinde gysga wagtlyk söhbetdeşlikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Bu sapara taraplaryň ikisi hem uly ähmiýet berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri özüniň 2014-nji ýylyň iýunynda Wengriýa bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Ýokary derejedäki gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etmek möhümdir, çünki olar dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine itergi berýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Wiktor Orban türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda häzirki wagtda Merkezi Aziýada möhüm orun eýeleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda aýry-aýry möhüm ugurlara aýratyn üns berildi.
Amatly geografik ýagdaýa eýe bolan ýurdumyz ulag ulgamynda hem özara gatnaşyklara, degişli kommunikasiýa düzümini giňeltmäge hem-de ulag-üstaşyr geçelgeleri, ilkinji nobatda bolsa, «Gündogar — Günbatar» ugry boýunça geçelgeleri döretmäge uly ähmiýet berýär.
Dünýäde derman serişdelerini köp möçberde eksport edýän ýigrimi ýurduň hataryna girýän Wengriýanyň uly tejribesini nazara almak bilen saglygy goraýyş ulgamy, hususan-da, derman senagaty hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda Wengriýada öndürilen derman serişdeleriniň we lukmançylyk önümleriniň 150-ä golaýy bellige alyndy. Ýurdumyzda öz wekilhanasy bolan «Gedeon Rihter» wenger kompaniýasy bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýär. Umumy pikire görä, iki dostlukly halkyň taryhy ýakynlygy medeniýet we sungat ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly esasy döredýär.
Bilim ulgamyny ösdürmek Türkmenistan üçin hem ileri tutulýan ugur bolup durýar. Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ýaşlar ýyly diýlip yglan edilmegini nazara almak bilen, häzirki wagtda munuň özi örän derwaýysdyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi hem-de türkmen tarapynyň döwletara gatnaşyklary deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak esasynda guramaga netijeli çemeleşmesi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, doganlyk türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.
Duşuşyk tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň bilelikdäki awtoulag kerweni kaşaň «Arkadag» myhmanhanasyna tarap ugrady. Şol ýerde Gahryman Arkadagymyzyň adyndan belent mertebeli myhmanyň hormatyna agşamlyk nahar berildi.
9-njy iýunda Aşgabatda geçiriljek türkmen-wenger gepleşikleriniň barşynda meseleleriň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar we köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge, iki doganlyk döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky ynanyşmagy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.