6-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça iş maslahatyny
geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow
gatnaşdylar.
Iş
maslahatynyň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi we bu
ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň
agzalary Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, Türkiýe Respublikasynda we Hytaý Halk
Respublikasynda iş saparynda bolup, Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän
önümçilik desgalarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli
kärhanalaryň gurluşygy boýunça tejribe alyşdylar we bu ugurda dünýäniň ösen
tejribesini içgin öwrendiler. Koreýa Respublikasynyň hünärmenleri saparda bolup, bu ýerde türkmen kärdeşleri
bilen tejribe alyşdylar we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň gözel künjekleriniň
birinde Arkadag şäheriniň bina edilendigini, bu ýerleriň howa gurşawynyň
ýakymlydygyny, şol bir wagtyň özünde, arassa dag çeşmeleriniň ynsan saglygy
üçin ýaramlydygyny nygtady. Bu ýerlerde ösýän tebigy ösümlikleriň dermanlyk
häsiýeti barada aýdyp, hormatly Arkadag bu ugurda ylmy işleriň alnyp
barylmalydygyny, şunda daşary ýurtlaryň ösen tejribesiniň işjeň
ulanylmalydygyny belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow häzirki döwürde Gahryman
Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde
görkezilen ösümlikler, olary gaýtadan işlemegiň ugurlary we ýurdumyzda derman
serişdelerini öndürmegiň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleleriň ylmy
esasda öwrenilýändigi barada hasabat berdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri hasabaty diňläp, türkmen lukmanlarynyň we bu ugur
boýunça iş alyp barýan alymlaryň degişli ylmy-seljeriş işlerini geçirmekleriniň
zerurdygyna ünsi çekdi.
Arkadag
şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik
kuwwatlyklarynyň, aýratyn-da, lukmançylyk edaralarynyň ýokary hilli gurluşygy
bilen bir hatarda, olaryň enjamlaşdyrylyş we üpjünçilik derejesine zerur üns
berilmelidir. Şunda binalaryň buýrujylaryna, olaryň gurluşykçylaryna bolşy
ýaly, saglyk edaralarynyň üpjünçilik ýagdaýyna bildirilýän talaplar hem ýokary
hilli ýerine ýetirilmelidir.
Milletiň
Lideri iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere ýene bir gezek ünsi çekip,
geljekde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda senagat maksatly desgalary gurmak
we olarda ýokary derejeli önümçiligi ýola goýmak bilen bagly işleri düýpli
seljerip, bu ugurda özara maslahatlaşyp, anyk çözgütlere gelinmelidigini, her
bir işe oýlanyşykly çemeleşilmelidigini nygtady.