Duşenbe güni Aşşgabatda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy güýçlendirilmek meseleleleri Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew we BSG-e goşulmak boýunça bölüminiň müdiri Maýka Oşikawa bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilermen, Türkmen paýtagtyna iş sapary bilen geldi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.
Gepleşiklerde türkmen tarapynyň BSG-nyň sekretariaty bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge 2023-2024-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny taýýarlandygy we tassyklandygy aýdylýar. Maksatnamada bu ugurda anyk çäreleriň görkezendigi bellendi.
Maýka Oşikawa, Türkmenistanyň BSG-ä girmegine taýýarlyk çärelerini tamamlamak üçin köp sanly meseläni ýerine ýetirmekde türkmen tarapynyň taýýarlan maksatnamasy bilen tanyşdy. Häzirki wagtda daşary söwda tertibi hakynda Ähtnama taýýarlamak üçin işjeň içerki işler alnyp barylýar. Resminamanyň tabşyrylmagy BSG-e girmegiň şertlerinden biridir.
Şeýle hem, türkmen diplomaty Pudagara hökümet toparynyň BSG-e girmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Bu ugurda BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary, halkara maliýe guramalary - YÖB we AÖB bilen gatnaşyklar ýola goýlandygyny belledi.