2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 438 million dollardan gowrak bolup, ösüş 72% derejesinde hasaba alyndy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň sözlerine salgylanyp, Respublikanyň Ykdysadyýet ministrligi habar berdi.
Habarda bellenişine görä, Gazagystanyň «GazakhExport» ätiýaçlandyryş kompaniýasy Türkmenistanyň banklary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär. Şol sanda Gazagystan Türkmenistandan energiýa çeşmelerini, suwuklandyrylan gazy import etmegi göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda Gazak kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 53 maýa goýum taslamasynyň hasaba alnandygyny bellemelidiris.