12 Dekabr, 2020 ý. 


Şu gün agzybir we beýik başlangyçlary bolan yhlasy bilen bir maksada gulluk edýän türkmen halky döredijilik ýokary göterilişi hem-de biimöçber buýsanç duýgulary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly seneleriniň biri bolan Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyny giňden dabaralandyrýar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli türkmen halkynyň täze taryhynyň ägirt uly ösüşleriniň nyşany bolan belent başly Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň möçberli özgertmeleriň başyny başlaýjy we Türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady hem-de medeni ösüşine beslenen täze taryhy eýýamyň emele gelmegine giň ýol açan Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende almagyny üpjün eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.

Hemişelik bitaraplyk derejesine hem-de ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly halkymyza mahsus bolan ruhy gymmatlyklara, oňyn ýörelgelere esaslanýan bu syýasat Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýar. Giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen asylly ýörelgeleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk binasyna tarap bardy.

Bu ýerde Milli goşunyň edermen pederlerimiziň şöhratly däplerini mynasyp dowam edýän Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda belent başly kaşaň Binanyň eteginde oturdylan ýadygärlik daşyna gül çemenini goýýar.

Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we ähli dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, binanyň etegine gül desselerini goýdular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyza iberen baýramçylyk Gutlagynda belleýşi ýaly, 25 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen biziň ýurdumyz hemişelki bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Garaşsyz döwletimiz şeýle belent hukuk ýagdaýyna eýe bolan ilkinji günlerinden bütin dlünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýan, jebisleşdirýän we utgaşdyrýan öňdengörüjilikli hem-de maksada okgunly daşary syýasat ýoluny saýlap aldy. Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan gysga taryhy döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygynyň düýpden täze netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatda gymmatly tejribeleri toplady.

Abraýly halkara guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejämiz biziň beýik gymmatlygymyzdyr. Bitaraplyk parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabarlandyrýan taglymatymyzdyr. Dünýä tejribesi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýäris. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi garaşsyz ýurdumyzyň bitaraplygynyň dünýä nusgalykdygyny ykrar edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

2020-nji ýyl döwletimiziň adamzadyň parahatçylyk, özara düşünişmek, dostluk ýaly ynsanperwer gymmatlyklaryny tassyklaýan hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň nyşany astynda geçýär.

Bu senäni dabaralandyrmak maksady bilen, toý çäreleri işjeň ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi ýurdumyza halkara bileleşigi tarapyndan berlen bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini ýene bir ýola tassyklaýar hem-de halkara syýasatynyň möhüm ugurlaryny özünde jemleýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny, ulag ulgamynyň durnukly ösüşini, beýleki ugurlary üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemeli. Şol başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan goldanyldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidildi.

Türkmenistanyň BMG-niň iri ugurdaş düzümlerine birnäçe gezek saýlanandygyny we onuň çäklerinde degişli işleri alyp barýandygyny bellemeli.

Şu ýyl ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy hem-de BMG-niň Ilat gaznasy boýunça Komissiýasyna we Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine agza hökmünde öz işine başlady. Mundan başga-da, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe wajyp düzümlerine, hususan-da, ylym we tehnika boýunça Komissiýa biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň taýýarlan hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamak üçin bitaraplygyň ornunyň hem-de ähmiýetiniň berkidilmegine gönükdirilen köpsanly resminamalaryň taslamalarynyň BMG tarapyndan kabul edilmeginiň wajypdygyny bellemeli.

Sebit we ählumumy möçberde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde ykrar edilen türkmen bitaraplygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň 73-nji mejlisinde kabul edilen wajyp resminama arkaly ykrar edildi. Oňa laýyklykda, 2021-nji ýylda Halkara parahaçtylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi.

Ýurdumyz ösüşiň milli ýoluny saýlap alyp, BMG tarapyndan berlen derejäni halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin peýdalanýar. Şeýlelikde, ýurdymyzda milli, sebitara we halkara ähmiýeitli hem-de halklaryň ýakynlaşmagyny, özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmegini we onuň ugurlaryň giňeldilmegini şertlendirýän iri düzümleýin taslamalary amala aşyrýar.

Bittaraplyk derejesi Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny berkitmegiň we sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşiň kepili bolmak bilen, ýurdumyza garaşsyz döwlet hökmünde halkara gatnaşyklaryny milli bähbitlere laýyklykda amala aşyrmagyň netijeli ýoluny saýlap almaga mümkinçilik berdi. Diýarymyzyň bitaraplyk derejesi sebitde durnuklylygy, netijeli we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňligini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, parahatçylyk dörediji ýörelgelere işjeň goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeler üçin dünýä nusgalykdyr.

Umuman, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny özünde jemleýän bitaraplyk derejesine gyşarnyksyz eýerýän döwletimiz parahatçylygyň we ylalaşygyň, ýokary ahlak gymmatlyklarynyň tassyk edilmeginiň bähbidine ýola goýulýan halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Bitaraplyk binanyň ýanynda ýaýbaňlandyrylan dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugurdy.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleri Diýarymyzyň ähli sebitlerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

www.tdh.gov.tm