2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 2,33 million ýewro barabar bolan harytlary Belgiýa eksport etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Statistika gullugynyň habar berşi ýaly, şu ýylyň deslapky iki aýynda Türkmenistanda Belgiýa edilen eksport geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15,8 esse (geçen ýyl 146,70 müň ýewro) ýokarydyr.

2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň umumy möçberi 6,96 million ýewro deň boldy. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,2 esse ýokarydyr. 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 3,07 million ýewro barabar bolupdy.

Şu ýylyň iki aýynda Türkmenistanyň Belgiýadan import eden harytlary bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 58 göterim artyp, 4,63 million ýewro ýetdi.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 38,32 million ýewro deň boldy.