Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi şu ýylyň ýanwar—aprel aýlarynda 13,2 göterim artdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalaryna gözegçilik edýän orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly penşenbe güni geçirilen mejlisinde mälim etdi.
Türkmen metbugatynda habar berilmegine görä, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda jemi öndürilen önüm, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artdy. Bölek satuw haryt dolanyşygy bolsa, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim ýokarlandy. Türkmenistanyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 9,9 göterim ýokarlandy diýip, Wise-premýer öz hasabatynda beýan etdi.
H.Geldimyradow 2023-nji ýylyň ýanwar—aprel aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 115,4 göterim, çykdajy böleginiň 97,5 göterim ýerine ýetirilendigini, şeýle-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim artandygyny mälim etdi.