Hindi-amerikan telekeçisi Ajaý Banga Bütindünýä bankynyň täze, 14-nji prezidenti boldy diýip, bankyň metbugat gullugy habar berýär. Bu wezipä ýeke-täk dalaşgär bolan 63 ýaşly işewür Bütindünýä bankynyň toparlarynyň ähli guramalaryna, şol sanda onuň düýp edarasy bolan Halkara täzeleniş we ösüş bankyna baştutanlyk eder.

Bütindünýä bankynyň täze prezidenti özüniň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmeklige bäş ýyllyk möhletiň çäklerinde 2023-nji ýylyň 2-nji iýunyndan girişer.

Ajaý Banganyň däläşgärligi ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden tarapyndan hödürlenipdi, ol Banganyň «taryhyň bu aýgytlaýjy pursadynda» banka ýolbaşçylyk etmek üçin «ajaýyp mümkinçilklere» eýedigini beýan edipdi.

Uzak wagtyň dowamynda Banga «MasterCard» kompaniýasyna baştutanlyk edipdi, «General Atlantic» maýa goýum gaznasynyň ýolbaşçysy bolupdy. 2020-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli ol Halkara söwda palatasyna baştutanlyk etdi.