2023-nji ýylyň 1-nji aprelindäki ýagdaýa görä, Türkmenistanyň karz edaralarynyň kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,5 göterim artyp, 89 milliard 286,46 million manada ýetdi. 2022-nji ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 80 milliard 63,71 million manatdan gowrak bolupdy diýip, Türkmenistanyň Merkezi Banky habar berdi.
Merkezi Bankyň çap eden «Bank habarlary» atly elektron žurnalynda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 1-nji aprelindäki ýagdaýa görä, Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 57 milliard 933 million manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri (54 milliard 354 million manat) bilen deňeşdirilende, 6,6% ýokarlandy.
Şeýle hem, hasabat döwründe Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 11 milliard 945 million manada barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri (9 milliard 546 million manat) bilen deňeşdirilende, bu görkeziji 25,1% ýokarlandy.
Mundan başga-da, hasabat döwründe raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 19 milliard 408 million manada barabar boldy we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri (16 milliard 164 million manat) bilen deňeşdirilende, 20,1% ýokarlandy diýlip, habarda bellenilýär.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda bank kartlarynyň üsti bilen nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi şu ýylyň ýanwar—mart aýlarynda 3 milliard 880,3 million manatdan geçdi.