Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 20-nji awgustda geçirilip, onuň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmek we dürli ugurlarda täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Myhmanlara Türkmenistanyň maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky döwlet syýasaty barada giňişleýin maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, bu syýasat ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak, ykdysadyýeti, döwlet dolandyryşyny we durmuş ulgamyny doly sanlylaşdyrmak arkaly ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.
Duşuşygyň dowamynda myhmanlara Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilýän çäreler barada hem maglumat berildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň sentýabr aýynda geçiriljek mejlisiniň taryhy we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar halkara arenada birek-biregiň başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga, şeýle-de Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.