Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Çärä medeniýet işgärleri we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Myhmanlar ilki bilen Mukamlar köşgüniň eýwanynda guralan amaly-haşam sungaty eserleriniň, milli saz gurallarynyň we ussat bagşy-sazandalaryň fotosuratlarynyň sergisi bilen tanyşdylar.
Bäsleşigiň açylyşynda döwlet Baştutanynyň çärä gаtnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Onda halypa bagşy-sazandalaryň galdyran nusgalyk mirasynyň ýaşlar üçin uly mekdepdigi bellenilip, 18-35 ýaş aralygyndaky zehinleri ajaýyp zamanamyzy wasp edýän täze eserleri döretmäge çagyrylýar.
Çärede Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de welaýatlardan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan 14 bagşy we 14 dutarçy sazanda öz ussatlygyny görkezdi. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň dürli sebitlerine mahsus bolan bagşyçylyk ýol-ýörelgeleri esasynda halk sazlaryny we aýdymlaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Çykyşlarda parahatçylyk, Watanymyz we ahalteke bedewleri wasp edildi.
Dabaranyň soňunda bäsleşigiň ýeňijileri bolan 14 bagşy-sazanda ýörite diplomlar hem-de altyn zynjyrlar bilen sylaglanyldy. Şeýle hem ähli gatnaşyjylara Prezidentiň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çärä gatnaşyjylar döwlet Baştutanynyň adyna Ýüzlenme kabul edip, milli medeniýetimizi we ýaşlary goldamak baradaky aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri:
Aşgabat şäheri boýunça:
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Şeker Şöhradowna Allagulyýewa;
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň telekommunikasiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Täçmämmet Altymyradowiç Pürmämmedow;
Arkadag şäheri boýunça:
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Ýusup Gaýgysyzowiç Baýjykow;
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 3-nji ýyl talyby Didarmuhammet Wepaýew;
Ahal welaýaty boýunça:
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Merjen Merdanowna Jumabaýewa;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Yhlas Kakageldiýewiç Samadow;
Balkan welaýaty boýunça:
Balkan welaýat Medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Güljemal Rejepmyradowna Çakanowa;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Öwezgeldi Baýramgeldiýewiç Gutlyýew;
Daşoguz welaýaty boýunça:
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Aýperi Begenjowna Artykowa;
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň saz sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby Sahy Nepesowiç Täçmedow;
Lebap welaýaty boýunça:
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby Esen Bagtyýarowiç Atamuradow;
Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Jeýhun Ataniýazowiç Çaryýew;
Mary welaýaty boýunça:
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Oguljennet Bazarmyradowna Hojakowa;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýnäzli Maksatmyradowna Rahmanowa.