Eýran Yslam Respublikasynyň tamamlanan senenama ýylynda (şu ýylyň 20-nji martynda tamamlandy) çig nebit eksportyndan daşary türkmen-eýran söwda dolanyşygy 487,62 million ABŞ dollaryna barabar boldy we 1,31 million tonna ýetdi. Munuň özi, geçen 2021-2022-nji ýyllar bilen deňeşdirilende, 32,34 göterim ýokarydyr diýlip, Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlarynda beýan edilýär.
Maglumatlarda beýan edilmegine görä, degişli döwürde Eýranyň Hazarýaka döwletleri bilen umumy söwda dolanyşygy 3,81 milliard ABŞ dollaryna we 6,89 million tonna ýetdi. Netijede, bu görkeziji hem, geçen 2021-2022-nji ýyllaryň degişii döwri bilen deňeşdirilende, 9,51 göterim artdy.
Hasabat döwründe Hazarýaka döwletleriniň arasynda Eýranyň esasy söwda hyzmatdaşy Russiýa Federasiýasy boldy, ýagny bu iki döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,32 milliard ABŞ dollaryna (17,76 göterim peseldi), şeýle hem 4,04 million tonna barabar boldy.
Eýranyň geçen senenama ýylynda Eýranyň Hazarýaka döwletlerine eksporty 2,43 göterim artyp, 2,05 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.