Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň „Ruhyýet” köşgünde Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň meselelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin baýramçylyk mejlisini geçirdi. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň beýleki döwletlerde işleýän ilçileri çagyryldy.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ýurdumyzyň uly baýramçylyklarynyň öňýanynda günäsini geçýäris. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ç.Amanowa söz berildi. Ol toparyň günä geçmek hakyndaky çözgüdiniň taslamasy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Jenaýat edendikleri üçin iş kesilenleriň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permanyň taslamasy hödürlenildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, iş kesilen 2078 raýatymyzyň hem-de 4 sany daşary ýurtly raýatyň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisiniň taryhy wakanyň we uly baýramyň – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňýanynda geçirilýändigini belledi. Gün tertibinde halkara hyzmatdaşlygynyň hem-de Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmagyň möhüm meseleleri, tamamlanyp barýan ýylyň netijelerine baha bermek we geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek meseleleri bar.
Ilkinji nobatda, bize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, Türkmenistan 2020-nji ýylda hem daşary syýasat işjeňligini peseltmedi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Bitarap döwletimiz beýleki ýurtlar, iri halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny yzygiderli giňeltdi hem-de berkitdi. Dürli köptaraplaýyn forumlara işjeň gatnaşyp, başlangyçlar bilen çykyş etdi. Köp sanly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda we çözülende netijeli teklipleri öňe sürdi diýip, milli Liderimiz belledi.
Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň baş ugry, ozalkysy ýaly, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga, durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam bermekden ybarat boldy. Şu meselelerde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, beýleki abraýly halkara we sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň toplanan tejribesine esaslanýar. Ikitaraplaýyn derejede dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alyp barýar.
Elbetde, şeýle işleriň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenýän ýylynda amala aşyrylýandygynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, şu ýyl Türkmenistanyň öňe sürýän köp sanly halkara başlangyçlarynyň bu şanly ýubileý bilen baglydygy kanunydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
“Şu gün biz bu ähli başlangyçlaryň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen halkara bileleşiginde hoşniýetli garaýşa eýe bolýandygyny ynam bilen aýdyp bileris. Bu Guramada parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi şeýle başlangyçlaryň biri boldy. Bu Topara eýýäm dünýäniň 20-den gowrak döwleti goşuldy” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şu ýyl berkarar döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy. Mundan başga-da, Türkmenistan bu Guramanyň Ilat we ösüş Komissiýasynyň hem-de Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy hökmünde işe başlady. Şeýle hem, şu ýyl biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň ençeme möhüm düzümlerine, ýagny Ylym we tehnika boýunça, Durmuş ösüşi boýunça hem-de Neşe serişdeleri boýunça komissiýalaryna biragyzdan saýlandy.
Türkmenistanyň şeýle derejede goldawa eýe bolmagy onuň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Biziň Bitarap döwletimiziň ählumumy we sebit işlerine ýetirýän oňyn dörediji täsiriniň ykrar edilýändigini görkezýär. Beýleki tarapdan bolsa, ýurdumyzyň üstüne aýratyn jogapkärçilik ýükleýär.
Şoňa görä-de, türkmen daşary syýasaty we diplomatiýasy kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde belentde bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.Baş Assambleýanyň çözgütleriniň anyk mazmun bilen üstüni ýetirmek üçin tagallalary birleşdirmelidir. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm düzümlerinde biziň ýurdumyzyň agza bolmagy diňe Türkmenistanyň däl-de, eýsem, tutuş dünýä bileleşiginiň bähbitlerine iş ýüzünde netijeli bolmagyna gönükdirilen syýasy ugry alyp barmagy borçlandyrýar.
Bu Guramada Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi goldamakda Bitaraplygyň ornuny hem ähmiýetini pugtalandyrmaga gönükdirip taýýarlan köp sanly resminamalarynyň taslamalaryny hödürlemegiň hem-de kabul etmegiň hem ähmiýeti az däldir.
Şoňa görä-de, Baş Assambleýanyň häzirki mejlisiniň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri hem-de Sekretariaty bilen işjeň we maksada gönükdirilen işleri alyp barmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz bu resminamalaryň dünýä bileleşiginiň uzakmöhletli bähbitlerine we strategik maksatlaryna laýyk gelýän resminamalar hökmünde kabul edilmeginiň möhümdigini belledi .
Daşary işler ministrligine Birleşen Milletler Guramasynyň ugry boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi hem-de Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky, Ženewadaky we Wenadaky wekilhanalarymyzy tejribeli işgärler bilen berkitmegi tabşyrýaryn. Biz halkara giňişliginde döreýän mümkinçilikleri doly peýdalanyp, netijeli we yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmaly. Öňde duran ähli wezipeleri dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde çözmek üçin şertleri üpjün etmeli.
2021-nji Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp derejede geçirmäge aýratyn üns bermelidiris diýip, milli Liderimiz bu başlangyjyň Türkmenistana degişlidigini kanagatlanma bilen belledi.
Şoňa görä-de, onuň çäklerinde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda möhüm çäreleri geçirmek boýunça üstümize esasy wezipäni almalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrligine degişli meýilnamany taýýarlamagy tabşyrdy.
Şu ýyl dünýä täze ýokanç keseliň ýaýramagy netijesinde düýpli howp bilen ýüzbe-ýüz boldy diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň milli derejede haýal etmän toplumlaýyn gorag çärelerini görendigini, halkara derejesinde bolsa, öz garaýyşlaryny anyk beýan edendigini belledi. Bu garaýyşlar şol howpa garşy netijeli göreşmek üçin ähli döwletleriň, ýöriteleşdirilen halkara guramalarynyň tagallalaryny birleşdirmegi öz içine alýar.
Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň dürli döwletleri, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gyssagly ýola goýuldy. Ýurdumyza Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň wekiliýetiniň sapary guraldy.
Ylmy diplomatiýanyň işini doly ýola goýmak maksady bilen, ençeme anyk çäreler, ýagny Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek, öýken sowuklamasyna garşy göreşmegiň köpugurly usulyny işläp taýýarlamak hem-de ýiti ýokançlary bejermek we olaryň öňüni almak babatda Usulyýet merkezini döretmek teklip edildi.
Şeýle hem, Türkmenistan 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda lukman alymlaryň halkara forumyny guramagy we onuň dowamynda pandemiýa garşy göreşmekde ähmiýetli bolan ylmy barlaglara we işläp taýýarlamalara seretmegi öňe sürdi. Şoňa görä-de, geljekde biziň öňümizde bu başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça uly işler durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bu ugurda alyp barýan işlerini daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen utgaşdyrmaky hem-de ysnyşykly we netijeli gatnaşyklary ýola goýmak tabşyryldy.
Pandemiýa halkara ykdysady we söwda gatnaşyklaryna, ulag gatnawlaryna ýaramaz täsir etdi diýip, hormatly Prezidentimiz häzirden başlap, bu ulgamlary dikeltmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Olary geljekde ösdürmek üçin öňki ýagdaýyna we ösüş derejesine çykarmaly diýip, döwlet Baştutanymyz bu meselede sebitleýin hyzmatdaşlygyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Milli Liderimiz bilelikdäki üpjünçilik ulgamlary boýunça taslamalary durmuşa geçirmek barada gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, «Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe» ulag geçelgesi («Lapis Lazuli») hakynda 2017-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen ylalaşygy iş ýüzünde durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak barada görkezme berdi.
Şeýle hem, möhüm halkara ähmiýeti bolan «Gazagystan–Eýran–Türkmenistan», «Kerki–Ymamnazar–Akina (Owganystan)» demir ýollaryny, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýoluny we awtomobil köprülerini doly güýjünde ulanmak, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisi, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan» elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny hem ýokary depginlerde alyp barmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Garaşsyz Türkmenistan gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny takyk ýerine ýetirip gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz ýokarda görkezilen taslamalara gatnaşýan ýurtlardaky hyzmatdaşlarymyzdan hem hormatlamak, ýöne tutanýerlilik bilen şuny talap etmäge haklydygymyzy aýtdy.
Häzirki zaman energetika we ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmek, utgaşdyrylan önümçilik gatnaşyklaryny höweslendirmek, serhetýaka hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça sebitleýin gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Merkezi Aziýada amala aşyrylmaly köp sanly wezipeleriň hataryna howpsuzlygy üpjün etmek, suw-energetika meselesi, Araly halas etmek we beýleki möhüm ugurlar degişlidir diýip, milli Liderimiz bularyň ählisiniň hemişe biziň diplomatiýamyzyň üns merkezinde bolmalydygyny kesgitledi.
Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligine Türkmenistanyň milli bähbitlerini we Merkezi Aziýa döwletleri bilen ileri tutulýan hyzmatdaşlyk meselelerini nazara alyp, 2021-nji ýylda sebitiň her bir döwleti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hakyndaky teklipleri taýýarlamak, şeýle hem beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde, Milli Aral maksatnamasyny işläp düzmek hem-de 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde seretmek üçin Türkmenistanyň Hökümetine hödürlemek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň üstünde durup geçmek bilen, Russiýa Federasiýasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Ýewraziýada Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlary bolup durýandygyny belledi. Bu döwletler bilen ähli ugurlar boýunça – syýasatda, ykdysadyýetde we söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk dowam etdiriler.
Bu meselede Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça kontinental hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet bermeli diýip, milli Liderimiz Hazar deňzindäki port üpjünçilik ulgamlarymyzy peýdalanmak bilen, ýurdumyzyň çäkleriniň üstünden ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň möhümdigini belledi.
Geçen ýyl Türkmenbaşy şäherinde birinji Hazar ykdysady forumy üstünlikli geçirildi, onda uly ähmiýeti bolan ylalaşyklar gazanyldy. Geljek ýyl bolsa, ýurdumyzda ýokary derejedäki altynjy Hazar duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, bu çärä gowy taýýarlyk görmegiň gerekdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrligine bu möhüm halkara forumyny ýokary derejede guramak hem-de geçirmek boýunça işlere häzirden girişmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Hazar deňziniň sebitiniň Ýewraziýada örän iri ulag-logistiki merkezleriň birine öwrülýändigini belledi. Bu işde biziň ýurdumyz esasy orny eýeleýär.
Häzir Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty bilen Bakuwyň halkara deňiz söwda portunyň arasynda yzygiderli parom gatnawy alnyp barylýar. Şeýle hem, Gazagystanyň Aktau halkara deňiz söwda porty hem-de Kuruk deňiz porty bilen özara gatnawlary ýola goýmak barada gepleşikler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, russiýaly hyzmatdaşlarymyz bilen Astrahan şäherinde Logistika merkezini açmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar. Kazan şäherinde hem Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, Russiýanyň Baltika deňzindäki portlaryna we soňra Ýewropa çykmak bilen, Hazar deňzi – Wolga derýasy ugry boýunça ulag gatnawlarynyň geljegi uly bolan taslamasy düzülýär.
Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligine degişli döwlet edaralary bilen bilelikde gazagystanly we russiýaly kärdeşleri bilen bu ugurda guramaçylyk hem-de beýleki meseleleri çözmegi tamamlap, hyzmatdaşlygyň iş ýüzündäki tapgyryna girişmek tabşyryldy.
Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag geçelgesini döretmek hem-de amala aşyrmak hakyndaky dörttaraplaýyn hökümetara Ylalaşygynyň taslamasy boýunça işleri dowam etmek esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistan bu geçelgäni döretmek başlangyjy bilen Azerbaýjan, Gruziýa hem-de Rumyniýa bilen bilelikde çykyş etdi.
Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti Türkmenistanyň daşary syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýar. Bu sebit çalt depginler bilen ösýär hem-de ähli dünýä ykdysadyýetiniň we söwdasynyň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Ýaňy-ýakynda Wýetnamyň paýtagty Hanoý şäherinde Günorta–Gündogar Aziýa döwletleri Assosiasiýasynyň (ASEAN), şeýle hem Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň we Täze Zelandiýanyň baştutanlarynyň dünýäde örän uly erkin söwda birleşigini döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekendigini, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletlerini birleşdirýän beýleki ykdysady guramalaryň çäklerinde hem möhüm çözgütleriň kabul edilýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz sebitiň ýurtlarynda ýerleşýän ilçihanalarymyzyň bu resminamalary düýpli öwrenmelidigini tabşyrdy. Türkmenistanyň şol birleşikler bilen hyzmatdaşlyk etmegi üçin olaryň işläp taýýarlaýan taslamalaryna we meýilnamalaryna gatnaşmagyň görnüşi barada maslahatlary we teklipleri bermelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn üns berip, bu hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň köp görnüşli hem-de ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýändigini belledi. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýada we ýanaşyk sebitlerde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy goldamak, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek, ulag, ekologiýa, suw serişdelerini peýdalanmak meseleleri bar.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Ýewropa Bileleşigini energetika hyzmatdaşlygyna has işjeň çekmegiň üstünde hem netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Bu ugurda ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul eden rezolýusiýalary mynasybetli energiýa howpsuzlygyny we ýangyç serişdelerini ibermegiň ygtybarlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen anyk taslamalary durmuşa geçirmeli. Biziň bu başlangyçlarymyz Ýewropa Bileleşigi tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Bu ugurda biziň strategik maksatlarymyz we bähbitlerimiz laýyk gelýär hem-de şu mümkinçilikden peýdalanmalydyrys. Bu mesele boýunça maksada gönükdirilen gatnaşyklary Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi görnüşiniň çäklerinde hem alyp barmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.
Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň Ýewropa ugry barada aýdylanda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen köpýyllyk hem-de netijeli gatnaşyklaryny aýratyn belledi. Bu Guramanyň işiniň syýasy, ykdysady we ynsanperwer taraplary Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalar we maksatnamalar kesgitlenende biziň üçin ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.
Birnäçe hepde mundan öň biz özüne ileri tutulýan 68 taslamany birleşdirýän, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 2021-nji ýyldaky hereketleriniň nobatdaky Maksatnamasyny tassykladyk. Milli Liderimiz Daşary işler ministrligine bu resminamanyň ýerine ýetirilmegini, şeýle hem geljek ýylyň dowamynda bu Guramanyň degişli düzümleri bilen howpsuzlyk, ulag meselesi, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady we daşary-syýasy hyzmatdaşlaryndan biri bolup durýar. Biz bu ýurt bilen sebit howpsuzlygyny, möhüm howplara hem-de wehimlere garşy göreşmek meselelerinde we ençeme beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Iri amerikan kompaniýalary ulag, ýangyç-energetika toplumy, elektrik geçiriji ulgamlary gurmak we telekommunikasiýalar, programma üpjünçiligi, azyk we derman senagaty hem-de beýleki ähmiýetli ugurlar boýunça türkmen bazarynda öňden bäri üstünlikli işläp gelýärler.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlyk etmekde Türkmen-amerikan işewürler geňeşine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu Geňeş işläp gelýän 12 ýylynyň içinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň täsirli guralyna öwrülip, ýurtlarymyzyň işewür düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň, ösdürmegiň hem-de berkitmegiň, hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny bilelikde gözlemegiň netijeli usuly boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geljekde bu düzümiň işine özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga, bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen täze, hil taýdan netijeli itergi bermelidir.
Türkmenistany Ýakyn we Orta Gündogar döwletleri bilen ysnyşykly taryhy, ruhy we medeni gatnaşyklar birleşdirýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde şu günki günüň hakyky ýagdaýlaryny nazara almak bilen, bu gatnaşyklary anyk işler bilen baýlaşdyrmak wezipesi öňde durýar. “Biz bu ýurtlara ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarynda, ulag meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde geljegi uly bolan hyzmatdaşlarymyz hökmünde garaýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şunuň bilen baglylykda, biziň diplomatiýamyz Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Katar Döwletiniň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda halkara ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek hakynda Aşgabat Ylalaşygyny amala aşyrmak boýunça özara işjeň hereket etmelidigi nygtaldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Afrika we Latyn Amerikasy ugurlarynda hem belli bir netijeler gazanylandygyny belledi. Afrika birleşigi bilen gatnaşyklar ýola goýuldy. Latyn Amerikasy döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem mümkinçilikleriniň uludygyny kanagatlanma bilen belledi.
Biziň bu ýurtlar bilen ençeme düýpli meseleler boýunça garaýyşlarymyz, hususan-da, ösýän ýurtlaryň kanuny bähbitlerini goramak, adalatly dünýä gurluşyny gazanmak işinde laýyk gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Bu bolsa, Birleşen Milletler Guramasynda, Goşulyşmazlyk Hereketiniň ugry boýunça işleri utgaşdyrmak hem-de özara goldawy ýola goýmak üçin oňat esas bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurtlar bilen özara bähbitli söwda hem-de ykdysady gatnaşyklary gözlemegiň üstünde netijeli işleri alyp barmalydygyny aýtdy.
Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara almak bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly sebitleýin döwletara birleşikleri bilen hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam eder.
Şu ýyl Türkmenistan Bütindünýä Söwda guramasynda synçynyň hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu uly üstünlikdir, geljegi uly we ygtybarly bolan ykdysady hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň möhüm ornunyň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz şol bir wagtda, biziň ýurdumyzyň öňünde bütewi, aýdyň we belli kadalar esasynda dünýä söwda ulgamyna giňden goşulmagy üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, harytlaryň hem-de hyzmatlaryň ählumumy bazaryna çykmaga, Bütindünýä söwda guramasynyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde tehniki taýdan ýardama hem-de ençeme beýleki artykmaçlyklara şertler döreýär. Şoňa görä-de, biz bu Gurama bilen hyzmatdaşlyk etmäge örän jogapkärli çemeleşmelidiris. Beýleki agza ýurtlaryň tejribesini ünsli öwrenmelidiris. Hormatly Prezidentimiz ýakyn wagt üçin ileri tutulýan iş meýilnamalaryny kesgitläp, olary durmuşa geçirmek barada görkezme berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, geljek 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak bilen bagly biziň öňümizde uly wezipeleriň durýandygyny belledi. Bu ilkinji nobatda, milli baýramymyz bolsa-da, biz oňa halkara ähmiýetini hem bermelidiris. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini görkezmelidiris.
Dünýä bileleşiginiň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmäge saldamly goşant goşýan, hormatly we abraýly agzasyna öwrülendigini subut etmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrligine, biziň diplomatik wekilhanalarymyza tutuş 2021-nji ýylyň dowamynda bu ýubileýe bagyşlanan çäreleri ýokary derejede guramagy hem-de geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz çykyşyny jemlemek bilen, Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň öz diplomatik gullugyna geljekde hem uly üns berjekdigini belledi. Bu gullugyň doly derejede işlemegi, onuň işgärleriniň maddy we durmuş ýagdaýlaryny ýokarlandyrmak, işgärler düzümini berkitmek üçin ähli zerur şertleri üpjün eder.
Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Garaşsyz Türkmenistanyň ýetip gelýän Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, ata Watanymyzyň hatyrasyna alyp barýan jogapkärli işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa söz berildi.
Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bütin dünýäde bellenip geçilýän ajaýyp baýramçylyk bolan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk şanly senesi bilen türkmen diplomatlarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize jan saglygyny, uzak ömür, ýurdumyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bagtyna amala aşyrylýan dünýä ähmiýetli döredijilikli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky doly ygtyýarly wekili ýurdumyzyň milli bähbitlerini berk goramak we abraýly ornuny üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleriň, bu ugurda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek bilen, diplomatik gullugynyň işgärleriniň döwlet Baştutanymyz ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça netijeli başlangyçlaryny iş ýüzünde doly amala aşyrmak üçin ähli güýç-gaýratlaryny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.
Daşary syýasat strategiýasynda halkara guramalary, ilkinji nobatda bolça, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli alyp barmak wezipesi esasy orny eýeleýär diýip, A.Ataýewa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden taryhy çykyşlarynyň, öňe süren döredijilikli teklipleriniň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapandygyny we iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyz BMG-niň ýolbaşçy edaralaryna birnäçe gezek saýlandy. 75-nji mejlisde altynjy gezek Baş Assambleýaniň Başlygynyň orunbasary bolup çykyş edýär. Bu iri we abraýly guramanyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk has-da giňelýär.
Bellenilişi ýaly, biziň döwletimize ynamdar we ygtybarly, ägirt uly syýasy we ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan, bagtly geljege tarap ynamly gadam urýan ýurt hökmünde garaýandyklaryny nygtamak zerurdyr.
A.Ataýewa daşary ýurtlardaky ilçihanalaryň we konsullyk edaralarynyň netijeli işlemekleri üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi, maddy üpjünçilik şertleriniň ýokary derejede we soňky tehnologiýalara laýyk bolmagyna mydama üns berilýändigi üçin türkmen diplomatlarynyň adyndan köp-köp sagbolsun aýtdy.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky doly ygtyýarly wekili milli Liderimizi ýakynlaşyp gelýän baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany gülledip ösdürmek we onuň halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak babatynda alyp barýan tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň ýylsaýyn artýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde möhüm we jogapkärli wezipeler goýuldy. Şolary üstünlikli çözmekde Daşary işler ministrligine, döwletimiziň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryna, halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalara we konsullyk edaralaryna hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Munuň özi olaryň işini hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edýär.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy milli Liderimize ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň hukuk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň döredijilikli ugruny, milli Liderimiziň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny netijeli durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow raýatlygy bolmadyk adamlary ýurdumyzyň raýatlygyna kabul etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugry Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryny biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygyň hem-de halkara hukugynyň kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak hem-de kepillendirmek boýunça anyk çäreler görülýär.
2011-nji ýyldan bäri milli Liderimiziň Permanlary bilen ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk adamlaryň müňlerçesi Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.
Bu ynsanperwer ädimler dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde ýurdumyzyň köptaraplaýyn halkara resminamalary, hususan-da, BMG-niň “Bosgunlaryň statusy hakynda”, “Apatridleriň statusy hakynda” we “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Konwensiýalary doly hem-de üstünlikli berjaý edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adalatlylyk we demokratik ýörelgelere esaslanýan syýasatyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary tarapyndan Diýarymyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 2 müň 580 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi boýunça işler geçirildi. Raýatlygy almak üçin hödürlenilýän adamlar 19 milletiň wekili bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek meselesini hödürledi.
Şunuň bilen bir hatarda, ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, häzirki wagta çenli daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 3 müň 119-syna ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyndan ugur alyp, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan degişli hasaba alnan ýüztutmalar esasynda bu ugurda işler yzygiderli alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 11 döwletiň raýatlary hem-de 31 milletiň wekilleri bolup durýan adamlaryň 874-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi barada taýýarlanan teklipler hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de beýan edilen teklipleri makullap, degişli Permana we Karara gol çekdi hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine olary ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda öz yhlasly, zähmeti we bilimi bilen Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrmaga işjeň gatnaşan adamlary ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin baýramçylyk mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
***
Şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Milli Liderimizi Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeni hem-de “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda ýurdumyzyň Mejlisiniň Kararyny yglan etmek üçin parlamentiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi.
Berkarar Watanymyzyň täze taryhy, durmuş-ykdysady ösüşde gazanylan üstünlikler, ýurdumyzyň artan halkara abraýy döwlet Baştutanymyzyň ady hem-de beýik işleri bilen üznüksiz baglydyr. Mähriban halkymyz çärýek asyr bäri hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asuda asmanymyzyň astynda agzybirlikde, dünýä döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynda ýaşaýar, zähmet çekýär, gurýar we döredýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty ýöretmegi netijesinde bu döwürde Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy, parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde bütin dünýäde giňden ykrar edildi. Munuň özi halkymyzda guwanç we buýsanç duýgularyny döredýär.
Jemgyýetimizde syýasy durnuklylygyň we agzybirligiň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin amatly daşarky şertleriň üpjün edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň gazanan beýik üstünlikleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň döredijilikli ugry we öňe sürýän möhüm başlangyçlary dünýä giňişliginde giň goldawa eýe bolýar hem-de ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da artmagyna ýardam edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz döwletimiziň mizemez syýasy, ykdysady we hukuk esaslaryny bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmek, dünýä döwletleriniň hem-de halkara guramalarynyň arasynda ýola goýlan köptaraplaýyn özara gatnaşyklary ösdürmek işine goşan ägirt uly şahsy goşandy, jemgyýetiň we halkyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutulyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeni hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanyşa goýberilen milli manadymyz, halkymyzyň süýjüliginden toý paý hem berildi.
Milli Liderimiz sylaglar we gutlag sözler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Berkarar döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli özüne gowşurylan döwlet sylaglary bolan «Bitaraplyk» ordenini we ýubileý medalyny, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanyşa goýberilen milli manadymyzy, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyza eýerip berlen türkmen toý süýjüligini, ilkinji nobatda, bu sylaglaryň ählisini türkmen halkymyza berlen sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrylýan «açyk gapylar» syýasatymyz hemişelik Bitaraplyk we hoşniýetli gatnaşyklar ýörelgelerine esaslanyp, bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Abadan hem-de bagtyýar durmuşymyz, dost-doganlygyň berkidilmegi birek-birege hormat goýmagyň nyşanydyr. Bular bolsa, biziň alyp barýan syýasatymyzyň netijesidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz gazanylýan üstünlikleriň mundan beýläk hem yhlas bilen, güýç-gaýraty gaýgyrman zähmet çekmäge borçly edýändigini aýratyn belläp, özüniň alyp barýan ähli adyl syýasatynda ýene-de bir gezek mähriban halkyna daýanýandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, bu ýere ýygnananlaryň ählisini ýene-de bir gezek Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzy has-da ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra dabarada “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy.
Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ata Watanymyzyň goşa ganatydyr, merdana halkymyzyň uly baýlygydyr. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan eziz Watanymyz taryh üçin gysga döwrüň içinde dünýäniň hemmetaraplaýyn we ýokary depginler bilen ösýän kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi.
Gazanylýan bu beýik üstünliklerde ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp goşandy bardyr. Amala aşyrylýan işlerde görkezen hyzmatlary, işjeň hem-de önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işleri hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti nazara alnyp, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Mejlisiň Başlygy hem-de ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy hem-de olar şu şanly baýram mynasybetli ulanyşa goýberilen milli manadymyzy hem-de toý süýjüligini aldylar.
Sylaglara eýe bolanlar bu gymmatlyklary ýüzlerine sylyp, kabul etdiler. Munuň özi olara döwlet derejesinde bildirilýän ýokary ynamdyr. Çünki hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty ýöretmegi netijesinde, döwletimiz bu gün dünýäde deňhukukly hyzmatdaşlyga, oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli erk-isleg hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly döwlet hökmünde tanalýar.
Ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamak syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak arkaly, halkara bileleşigi bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär, adamzadyň möhüm wezipeleriniň netijeli çözülmegine uly goşant goşýar.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ömrüň manysy – Watanyň parahatçylygynda» diýip, ajaýyp jümleler bilen belleýär. Türkmen halky ozaldan hem parahatçylygy ähli zatdan ileri tutan, dawalary hemişe parahat ýol bilen çözmegi dogry hasaplan dana halkdyr. Milli Liderimiziň şu eserinde belleýşi ýaly, döwletara gatnaşyklary parahatçylykly serişdeler bilen berkitmek halkymyzyň Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidir.
Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesi sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy saklamagyň hakyky alamaty hökmünde çykyş edip, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň, Diýarymyzyň gülläp ösüşiniň kepili bolup durýar. Taryhy sene – 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry diňe bir biziň ýurdumyz üçin şöhratly seneleriň biri bolman, eýsem, Birleşen Milletler Guramasynyň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Çünki, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bu guramanyň öz taryhynda hem Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilen ilkinji resminamasyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine üýtgewsiz eýerýär hem-de parahatçylyk söýüjiligiň we hoşniýetli, goňşuçylygyň daşary syýasatymyzyň binýatlyk esasy bolup gelýär. Ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda taraplaryň bähbitlerini hiç bir babatda ünsden düşürmeýän ygtybarly hyzmatdaşdyr.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem-de çuňňur oýlanyşykly syýasaty netijesinde, bu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynda, syýasy jebisligiň, ykdysady durnuklylygyň, durmuş asudalygynyň amatly serişdesi hökmünde kabul edilýär.
Milli Liderimiziň alyp barýan bu syýasatynyň geljekde hem gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeldýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň ygtybarly ösmeginde hukuk binýady bolup hyzmat etjekdigine şübhe ýokdur.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Biz Bitaraplyk, parahatçylyk, ylalaşdyryjylyk syýasatymyzy mundan beýläk hem dowam etdirip, bu ugurda bitirýän işlerimiz bilen Türkmenistan döwletimiziň gazanan belent abraýyny has-da berkitmelidiris».
Mahlasy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan türkmen Bitaraplygynyň özboluşly nusgasy dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge, ata Watanymyzy ösdürmäge hyzmat edýär.