2028-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los-Anjeles şäheri dünýäniň iň iri sport wakalarynyň birine — XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna ýer eýeçiligini eder. Dünýäniň dürli ýurtlary ýaly, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenleri hem bu iri halkara sport bäsleşigine taýýarlyk görýärler. Türkmen türgenleri ýeňil we agyr atletika, boks, dzýudo, suwda ýüzmek, para pauerlifting, erkin we grek-rim göreşleri ýaly sport görnüşleri boýunça taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Bu barada «Türkmen sporty» gazeti habar berdi.

LA 2028 Olimpiýa oýunlarynyň diňe bir täze rekordlaryň goýulýan ýeri bolman, eýsem, halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrýan, ýaş nesle ylham berýän möhüm halkara waka öwrülmegine garaşylýar.

Türkmenistanda sporty ösdürmäge, türgenler üçin giň mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen işler dowam etdirilýär. Milli ýygyndy toparlaryna geljekki halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmek we uly ýeňişleri gazanmak arzuw edilýär.

Dünýä kinosynyň merkezi hasaplanýan Golliwudy özünde jemleýän Los-Anjeles şäheri üçin bu iri sport çäresi Olimpiýa taryhyndaky täze tapgyr bolar. Sebäbi şäherde eýýäm 1932-nji we 1984-nji ýyllarda Olimpiýa oýunlary üstünlikli geçirilipdi. Şeýlelikde, Los-Anjeles London we Pariž ýaly şäherleriň hataryna goşulyp, Olimpiýa oýunlaryny üç gezek kabul eden şäherleriň biri bolar.

XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlary 2028-nji ýylyň 14–30-njy iýuly aralygynda, tomusky Paralimpiýa oýunlary bolsa 15–27-nji awgust aralygynda geçiriler.

LA 2028 guramaçylarynyň esasy ýörelgeleriniň biri durnukly ösüş we bar bolan sport desgalaryny netijeli ulanmakdan ybaratdyr. Ýaryşlar, açylyş we ýapylyş dabaralary üçin şäherde öňden bar bolan stadionlar we beýleki desgalar peýdalanylar. Diňe käbir ýaryşlar üçin wagtlaýyn gurluşlar gurmak meýilleşdirilýär.

Bu çemeleşme çykdajylary azaltmaga, daşky gurşawy goramaga we Olimpiýa oýunlaryny ekologiýa taýdan has netijeli görnüşde geçirmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak arkaly oýunlaryň energiýa taýdan öňdebaryjy ýörelgelerde geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Janköýerleriň gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen, 2028-nji ýylyň Olimpiýa maksatnamasyna täze sport görnüşleri goşuldy. Şolaryň arasynda flag-futbol we skwoş ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda orun alar. Şeýle hem kriket, beýsbol, softbol we lakros ýaly sport görnüşleri hem ýaryşlaryň düzümine giriziler.