Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-nji awgustda paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy dowam edýän Halkara pediatriýa merkeziniň desgalaryndaky işler bilen tanyşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Döwlet Baştutanymyza merkeziň gurluşygy, bölümleriň enjamlaşdyrylyşy we abadanlaşdyryş işleri barada hasabat berildi. Merkezde çagalaryň saglygyny goramak üçin maslahat beriş, anyklaýyş, bejeriş we ýatymlaýyn bölümleriň, kliniki barlaghanalaryň hem-de beýleki zerur desgalaryň döredilýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz merkezde halkara tejribäniň, häzirki zaman tehnologiýalaryň we emeli aň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmalydygyny aýtdy. Şeýle-de lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.
5 gatly Halkara pediatriýa merkezi 3 ýaşdan uly çagalara ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Onda dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda döwrebap bejeriş hyzmatlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär. Merkezde häzirki zaman anyklaýyş enjamlary, sanly rentgen ulgamlary, intensiw bejeriş otaglary we operasiýa bölümleri döredilýär. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy lukmanlara maglumatlary tiz seljermäge we degişli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz merkeziň ähli bölümlerinde arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegine, enjamlaryň netijeli ulanylmagyna we lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejede ýola goýulmagyna aýratyn üns berilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerini ýokary hilli we bellenen möhletde tamamlamak, merkeziň açylyş dabarasyna taýýarlyk görmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.