Aşgabatda 20-nji awgustda Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Şol bir wagtyň özünde, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar gün tertibiniň giň gerimli meselelerini maslahatlaşyp, syýasy-diplomatik özara gatnaşyklary kämilleşdirmäge aýratyn üns berdiler. Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki netijeli hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Täjigistanyň Türkmenistanyň halkara başlangyçlary boýunça kabul edilen 30-dan gowrak rezolýusiýanyň awtordaşy hökmünde çykyş edendigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Söwda-ykdysady ulgamda haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygy nygtaldy. Şeýle hem energetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi gözden geçirildi. Duşenbe şäherinde geçirilip bilinjek Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň 14-nji mejlisiniň hem-de Işewürlik geňeşiniň ikinji mejlisiniň konstruktiw hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýändigi barada bellenip geçildi.
Geňeşmeleriň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamyna degişli meseleler maslahatlaşylyp, ýakyn geljekde amala aşyryljak bilelikdäki çäreler göz öňünde tutuldy. Geňeşmeleriň netijesinde taraplar dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny berkitmäge we ikitaraplaýyn gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.