BAE-niň “Dragon Oil” nebit kompaniýasy ýakyn 15 ýylda Türkmenistanyň energiýa pudagyna azyndan 8 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýmagy maksat edinýär. Bu barada kompaniýanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed bin Said Al Maktum Dubaýda geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda eden çykyşynda mälim etdi.
“23 ýyldan gowrak bilelikdäki işiň dowamynda “Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistanyň nebit ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamasyna 8 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy we geljek 15 ýylyň dowamynda azyndan şol mukdarda maýa goýmaga taýýardyr” diýip, Ahmed bin Said Al Maktum öz çykyşynda aýtdy.
Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygynyň orunbasary BAE-nyň gün, ýadro, wodorod we beýleki alternatiw energiýa modellerini ulanmakda toplan uly tejribesini belläp, arap işewürliginiň işjeň bolup biljek esasy ugurlarynyň hatarynda energiýa pudagynyň özgerişini we Türkmenistan hökümetiniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçiş başlangyjyna goldawyny görkezdi.
Ahmed bin Said Al Maktum hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda bilim we tejribe alyşmak arkaly türkmen bazaryna daşary ýurtly maýadarlary çekmegiň tarapdary bolup durýandygyny aýtdy.