Sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarynda ECO-93 kysymly awtoulag benzini, dizel ýangyjy we ýüplük satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 23 million 676 müň 750 ABŞ dollaryna deň boldy.
BAE-den we Owganystandan gelen telekeçiler jemi bahasy 20 million 970 müň ABŞ dollaryna deň bolan ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň 30 müň tonnasyny satyn aldylar. Söwdalarda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 699 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
Owganystanyň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 678,75 ABŞ dollaryna deň bolan dizel ýangyjynyň 3 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 36 müň 250 ABŞ dollaryna barabar boldy.
Şeýle hem Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri 670 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.
Mundan başga-da, içerki bazar üçin ýerli telekeçiler bir tonnasynyň bahasy 2750 manada deň bolan bugdaý kepeginiň 350 tonnasyny satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň duşenbe güni geçiren söwdalarynda 100 müň tonna karbamid satyldy.