Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Lebap welaýatynyň döwlet arhiwi bilelikde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti» atly maslahat guradylar. Çärede ýokary wekilçilikli edaranyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm orny hem-de halkyň agzybirligini berkitmekdäki wajyplygy barada giňişleýin durlup geçildi. Bu barada Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Maslahatda bellenilişi ýaly, il-ýurt bähbitli meseleleri halk köpçüligi bilen geňeşip çözmek türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly däbidir. Gahryman Arkadagymyzyň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, Halk Maslahatynyň baş maksady halkymyzyň abadançylygyny berkitmekden hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de kuwwatlandyrmakdan ybaratdyr.

Çärä gatnaşyjylar ýurtdaky beýik özgertmeleriň halkyň wekilleriniň teklipleri esasynda amala aşyrylýandygyny belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda milli medeniýeti, baý edebi mirasy wagyz etmäge we ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirildi.