2023-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy bahasy 263,4 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.
Bellenilişine görä, 2023-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary 218,4 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkezijiniň şu ýylyň iki aýynda 40,2 million amerikan dollaryna deň bolandygyny hasaba alsak, soňky bir aýyň özünde Türkmenistandan Özbegistana 178,2 million amerikan dollarlyk eksportyň amala aşyrylandygyny görmek bolýar. Şu ýylyň üç aýynda Türkmenistandan Özbegistana amala aşyrylan eksportyň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,7 göterim ýokarydyr.
Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 7-nji orny eýeledi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 45,4 million amerikan dollaryna deň boldy. Öz gezeginde bu görkezijiniň geçen ýylyň ilkinji üç aýyndakydan 141,5 göterim ýokarlanandygyny bellemek gerek. Şunlukda, Türkmenistan Özbegistanyň eksportynda 11-nji basgançakdan ýer aldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň GDA ýurtlarynyň arasynda Özbegistanyň iň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň üçlügine girendigi hem bellärliklidir.