Sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy 23 million amerikan dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.
Söwdalaşyklarda Beýik Britaniýadan we Owganystandan bolan işewürler «B» kysymly karbamidiň jemi 100 müň tonnasyny satyn aldylar hem-de önümiň her tonnasyna 181 amerikan dollary möçberinde baha hödürlediler. Geleşikleriň jemi bahasy 18,1 million amerikan dollaryna barabar boldy.
Özbegistanly telekeçi «ТС-1» kysymly uçar kerosininiň her tonnasyna 710,75 amerikan dollary möçberinde bahalady we önümiň 7 müň tonnasyny satyn aldy. Bu geleşigiň jemi bahasy 4,9 million amerikan dollaryndan geçdi.
Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly tanşyp bilersiňiz.
Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.