Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji awgustda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Wise-premýer Batyr Annaýew ulag-kommunikasiýa toplumynda ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime deň boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Pudaklar boýunça, awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,6 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüşi bolsa 102,4 göterime barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde, Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça 107 göterim, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 118,8 göterim hem-de «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça 118,5 göterim ösüş gazanyldy.
Ulag we aragatnaşyk ulgamynyň beýleki düzümlerinde hem durnukly ösüş gazanyldy. Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 102,1 göterim, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,5 göterim boldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etmegiň hem-de ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň möhümdigini nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmagy tabşyrdy.