Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2023-nji ýylyň üç aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Şu döwürde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmegi jemi içerki önümiň durnukly ösüşini saklamaga ýardam berdi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,4 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9,8 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Şeýle hem wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 370 desganyň 7-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 105-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.

Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şu ýylyň birinji çärýeginde ýetilen sepgitlerden ugur alyp, makroykdysady durnuklylygy mundan beýläk-de üpjün etmegiň, pudaklarda önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmek üçin zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hasabat döwründe ýerine ýetirilişini düýpli seljermek babatda görkezme berildi.