29-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň müdiriniň orunbasary Ramazan Seçilmiş bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli pugtalandyrylýandygyny bellediler. Şeýlede, ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de dialogyň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy şerti bolup durýandygy nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de giňeltmek, ilkinji nobatda migrasiýa ulgamyndaky meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns çekdiler. Şu maksat bilen taraplar degişli ugurdaky resminamalaryň taslamalaryny öwrendiler, şeýle hem bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we özara tejribe alyşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.