ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aşgabatda wençur maýa goýumlary boýunça forum geçirdi. Foruma Türkmenistanyň hususy pudagynyň maýadarlary, IT kompaniýalarynyň, maliýe guramalarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň, döwlet düzgünleşdiriji edaralarynyň wekilleri, halkara maýa gaznalaryň esaslandyryjylary, hususy maýadarlar hem-de Bolgariýadan, Gazagystandan, Singapurdan gelen bilermenler gatnaşdylar. 

Guramanyň berýän habaryna görä, forumyň dowamynda Türkmenistanda ilkinji wençur maýa goýum gaznasyny döretmek boýunça işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Vitosha Ventures», «MOST Ventures» we «Quest Ventures» ýaly innowasiýalar we wençur maýa goýum pudagynyň öňdebaryjy kompaniýalarydyr edaralarynyň işewürleri çykyş etdiler. 

Oňa gatnaşyjylar maýa goýum strategiýalary we wençur gaznalarynyň artykmaçlyklary, şeýle hem Türkmenistanda ilkinji wençur gaznasynyň döredilmegi bilen baglanyşykly amaly ädimler barada gymmatly maglumatlary aldylar.

Ýeri gelende bellesek, ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy daşary ýurtlara durmuş we ykdysady kömegini bermek maksady bilen 1961-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda bu gurama dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda iş alyp barýar.