28-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn depginini bellediler. Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek, «ýaşyl» energetikany ösdürmek, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, sebit özara baglanyşygyny berkitmek hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça alyp barýan syýasatyna ýokary baha berdi. Ulag-logistika ulgamyndaky taslamalara, hususan-da, Transhazar ulag geçelgesini ilerletmäge aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda 2027–2032-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň strategiki ileri tutulýan ugurlaryny, bank pudagyndaky hyzmatdaşlygy, durnukly energetika, daşky gurşawy goramak, ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak boýunça özara gatnaşyklary, şeýle hem Aşgabadyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň «Ýaşyl şäherler» maksatnamasyna gatnaşmagyny kesgitleýän resminamalar toplumyna gol çekmek çäresi boldy.