2022-nji ýylda Türkmenistanda bank goýumlarynyň mukdary 872,64 milliard manada barabar boldy. Munuň özi, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, bu 4,62 esse köpdür diýip, Türkmenistanyň Merkezi Banky habar berdi.
Goýumlaryň mukdarynyň köpelmegi Türkmenistanda ilatyň puly tygşytlamakdan girdeji almagy üçin amatly şertleriň döredilendigini görkezýär. Şeýle hem banklaryň karz bermek we maýa goýmak üçin ep-esli serişde toplandygyndan habar berýär.
Geçen ýyl toplanan goýumlaryň umumy mukdarynda fiziki şahslaryň bank goýumlary 50,89 milliard manat, ýuridiki şahslaryň bank goýumlary bolsa 821,75 milliard manat boldy.
2022-nji ýylda goýumlaryň ähli görnüşleri boýunça ortaça göterim mukdary — 0,31%-e, şahsyýetler üçin möhletli goýumlaryň ortaça mukdary bolsa 9,75%-e barabar boldy.