Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Howa, energetika we daşky gurşaw ministrligi tarapyndan guralan Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Seula ýöriteleşdirilen edaraara sapary tamamlandy. Gepleşikleriň esasy temalary koreý sanly tehnologiýalaryny Türkmenistanyň suw hojalyk toplumyna ornaşdyrmak we sentýabr aýynda geçiriljek «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Sammitine taýýarlyk görmek meseleleri boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýärler.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, degişli ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri we diplomatlar girdiler. Saparyň dowamynda hünärmenler «K-water» döwlet korporasiýasynyň esasy amaly merkeziniň, emeli aň arkaly işleýän Hwasong suw arassalaýjy desgasynyň, şeýle hem Kýongin-Ara kanalynyň gidrotehniki infrastrukturasyny we koreý kompaniýalarynyň suw ýitgileriniň öňüni almak hem-de sanly gözegçilik boýunça innowasion çözgütlerini öwrendiler.
Sapar Koreýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda suw hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça köptaraplaýyn duşuşygyň geçirilýän günlerine gabat geldi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň amaly durmuşa geçirmek tapgyryna — ýokary tehnologiýaly enjamlary eltip bermäge hem-de maýa goýum we ekologiýa desgalaryny bilelikde gurmaga geçendigini bellediler.