Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Siziň alyp barýan parasatly syýasatyňyz netijesinde Özbegistan yzygiderli ösýär we halkara giňişlikde öz abraýyny pugtalandyrýar. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hatynda belleýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki halkyň arasyndaky umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklara esaslanýan gatnaşyklaryň hakyky doganlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny nygtap, bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi.