Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Pakistanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Irlandiýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri buýan köküni, nah ýüplügi, şeýle hem float aýnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 76 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine türkiýeli işewürler bahasy 252 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.


Çeşme: tdh.gov.tm