Şu ýyl Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 2022-nji ýyldaky 6.2% hem-de 2021-nji ýyldaky 5.0% görkezijilerden tapawutlylykda, 6,5% bolup biler diýip, Aziýa ösüş banky (AÖB) çaklaýar. Bu barada bankyň 2023-nji ýyl üçin hasabatynda mälim edilýär.
«Türkmenistanyň uglewodorod eksportyndan alýan girdejileriniň çaklanylýan ösüşi üstümizdäki we geljek ýylda döwlet býujetiniň deňagramlylygyny saklamaga ýardam eder» diýlip, hasabatda aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2023-nji ýylda Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady ösüşiň iň ýokary görkezijisine ýetip biljekdigi çaklanylýar. Çaklamalara görä, Gazagystanda jemi içerki önümiň ösüşi — 3,2%, Gyrgyzystanda — 4,5%, Täjigistanda — 5,5% we Özbegistanda — 5% görkezijilere eýe bolar.
Şeýle hem hasabatda Aziýa ösüş banky 2022-nji ýylda ykdysadyýetiň dikelmeginde uglewodorod önümçiliginiň we eksportyň ösüşiniň goşandynyň uludygyny öňe sürýär.