Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 18-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan ugurlaryna, şol sanda kanunçylygy kämilleşdirmek, halkara gatnaşyklary ösdürmek, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we möwsümleýin oba hojalyk işlerine degişli birnäçe wajyp meselelere seredildi hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda täze kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän namalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şeýle hem Keniýa Respublikasynyň täze bellenilen ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi, halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan Düzgünleriň taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlendi. Döwlet Baştutanymyz bu ugruň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny has-da berkitmegi tabşyrdy. Şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalar ýaly hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary giňeltmek boýunça hasabat berildi. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekip, tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak barada görkezmeleri berdi.

Oba hojalyk toplumyndaky ýagdaýlar baradaky hasabatda welaýatlarda gowaça meýdanlaryna agrotehniki kadalara laýyk ideg etmek, pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek hem-de geljek ýylyň bugdaý ekişi üçin ýerleri we tohumlary taýýarlamak işleri barada aýdyldy. Şonuň bilen birlikde, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

Senagat we gurluşyk toplumy boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň zawodlarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek barada hasabat diňlenildi. Söwda we dokma pudaklarynyň çäklerinde bolsa «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalaryny boýag we himiki serişdeler bilen üpjün etmek baradaky teklip hödürlendi we ol döwlet Baştutanymyz tarapyndan goldanyldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamda neşirýat işini we çagalaryň döredijiligini goldamak çäreleri barada hasabatlar diňlenildi. Bu ugurdaky işleriň çäklerinde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik binýadyny berkitmek baradaky resminama gol çekildi. Şeýle-de zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryna görülýän taýýarlyk barada habar berildi we bu çäräni ýokary derejede geçirmek boýunça tabşyryklar berildi.

Daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidentini Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň, şol sanda ikitaraplaýyn işewürlik maslahatynyň we Medeniýet günleriniň şowly geçmegi bilen gutlady. Şeýle-de ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasyny we howanyň üýtgemegi boýunça halkara hyzmatdaşlygyny täze institusional derejä çykarmak üçin birnäçe teklipler, şol sanda Pudagara iş toparyny döretmek, «Aşgabat Howa dialogyny» ýola goýmak we sebit merkezleriniň Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak boýunça başlangyçlar beýan edildi. Döwlet Baştutanymyz bu teklipleri makullady.

Milli flotuň kuwwatyny berkitmek ugrunda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gury ýük gämilerini gurmak boýunça taýýarlanylan teklip hödürlendi. TürkmPrezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňzinde milli deňiz flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we ýük daşamagyň möçberlerini artdymagyň wajypdygyny nygtap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.