Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hidžleh bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we döwletara dialogy has-da berkitmegiň ugurlaryny kesgitlediler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge we syýasy dialogy ösdürmäge aýratyn üns berdiler. Palestinaly diplomat öz ýurdunda boljak möhüm içerki syýasy wakalar, şol sanda 2026-njy ýylda geçiriljek parlament saýlawlary we 2027-nji ýyldaky Prezident saýlawlary barada maglumat berdi. Şeýle hem taraplar iki halkyň has-da golaýlaşmagyna ýardam etjek bilelikdäki medeni-ynsanperwer çäreleri guramak barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi Palestina Döwletiniň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi we zerur şertleri döredýändigi üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taraplaryň taýýardygy ýene-bir gezek tassyklanyldy.