Türkmenistanyň Merkezi bankynyň habaryna görä, şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistanyň banklary 87020 sany bank kartlaryny resmileşdirdiler. Diňe mart aýynda ýurduň banklar jemi 31 müň sany töleg kartyny ulanyşa goýberdiler.
Habarda bellenilişi ýaly, ýurtda iň köp ulanylýan bank kartlary «Daýhanbank» we «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banklaryna degişli. Şunda 1-nji aprel ýagdaýyna görä, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň 1 million 871,2 müň ulanyjysy, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň bolsa, 1 million 26,5 müň ulanyjysy bar.
Türkmenistanyň banklary tarapyndan resmileşdirilen töleg kartlarynyň 1 million 803,6 müňüsi Aşgabat şäherinde, 865,8 müň sanysy bolsa Lebap welaýatynda, 936,3 müňden gowragy Mary welaýatynda resmileşdirildi.