Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek barada Karar kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Resminamada bellenilişi ýaly, mejlis milli demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de ösdürmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge jemgyýetçilik wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem jemgyýetiň agzybirligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen çagyrylýar.

Mundan başga-da, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli ýokary wekilçilikli edaranyň düzümine hödürlenýän jemgyýetçilik wekilleriniň sanawyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermelidirler. Seçip almak işi welaýatlardan, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinden wekilleri görkezmegiň tassyklanan tertibine laýyklykda amala aşyrylar.