Soňky 4 ýylyň dowamynda Global daşky gurşaw gaznasy (GEF) Türkmenistandaky milli taslamalara jemi 7,5 million amerikan dollaryndan gowrak maliýe goldawyny berdi. Bu barada Global daşky gurşaw gaznasynyň maglumatlaryna salgylanyp, TREND habar berýär.
Çeşmede 2018-2022-nji ýyllaryň aralygynda gaznanyň dört ýyllyk GEF-7 döwürleýin maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda taslamalary durmuşa geçirendigi bellenilýär.
«Global daşky gurşaw gaznasy ýurtlaryň biodürlüligi gorap saklamak, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreş bilen baglanyşykly maksatnamalaryny maliýe taýdan goldamak tapgyrlaýyn gorlaryň aç-açan paýlanyş ulgamyny ulanýar. GEF-8 maýa goýum tapgyry 2022-nji ýylda başlanyp, ol 2026-njy ýyla çenli dowam eder» - diýip, Gaznanyň habarynda beýan edilýär.
Bellenilişi ýaly, GEF-8 maýa goýum tapgyrynyň dowamynda Global daşky gurşaw gaznasy Türkmenistandaky maksatnamalary maliýeleşdirmek üçin 9,4 million amerikan dollaryndan gowrak serişde bölüp berer.