2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, täze meýilnama boýunça şu ýyl ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek talyplaryň sany 18 müňden geçer we bu görkeziji geçen ýyldakysyndan 1239 dalaşgär köp bolar.

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek işleri 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly bilen 24-nji awgusty aralygynda guralar.

Okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary bolsa degişli ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçiriler.