«City of London Corporation»-yň gözleglerine laýyklykda, Nýu-Ýork dünýäniň maliýe merkezleriniň reýtinginde London bilen deňleşdi.
London bäsdeşlige ukyplylygy taýdan geçen ýyl bilen deňeşdirilende 60 bal aldy. Şol bir wagtyň özünde Nýu-Ýork hem 60 bal aldy.
Şeýlelikde, London bu sanawyň taryhynda ilkinji gezek ýekebara liderligini ýitirdi. Üçünji orunda Singapur (51 bal) ýerleşdi. Bäşligi Frankfurt (46) bilen Pariž (43) jemleýär.
«City of London Corporation»-dan Kris Heýuord maliýe pudagynda we professional hyzmatlar pudagynda ösüşi höweslendirmek üçin uzak möhletleýin meýilnamalaryň zerurdygyny aýdy. Häzirki wagtda Siti administrasiýasy käbir kompaniýalaryň goldaw bermeginde şeýle meýilnamalary düzmäge başlady.
Şeýle-de bolsa, Britaniýanyň maliýe pudagy 2022-nji ýylda daşary söwda balansynyň saldosyna 64 mlrd funt möçberinde ($79,2 mlrd) oňyn goşant goşdy, bu dünýäniň islendik ýurduna garanyňda köpdür diýlip, hasabatda bellenilýär.
Hasabatda Londonyň innowasiýa, maliýe işjeňligi, maliýe ulgamynyň durnuklylygy we işewürligi alyp barmak üçin infrastruktura, şeýle-de ýokary hünärli işgärleriň we oňyn sazlaşygyň bolmagy taýdan gowy görkezijileri berýändigi bellenilýär. Ýöne Nýu-Ýork tehnologiýa maýa goýumlary we amala aşyrylýan şertnamalaryň mukdary boýunça Britaniýanyň paýtagtyndan öňe geçýär.